Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugradylar. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FTC (FIRST Tech Challenge) çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar.
FIRST Tech Challenge — ABŞ-nyň “First Global” guramasy tarapyndan geçirilýän, dünýäniň iň uly robot tehnikasy boýunça bäsleşik bolup durýar. Oňa her ýyl 100-den gowrak döwletden 70 000-den gowrak okuwçy gatnaşýar. Okuwçylar öz ýasan awtonom robotlary bilen çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirýärler.
Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek bäsleşige sebit boýunça 400-den gowrak topardan saýlanan iň güýçli 60 topar gatnaşar. Ýaş robot tehnikaçylarymyzyň esasy maksady — bu ýaryşda ilkinji üçlüge girip, ABŞ-nyň Huston şäherinde geçiriljek dünýä finalyna gatnaşmaga hukuk gazanmakdyr.
Ýaryşyň Astanada geçjek sebitleýin tapgyra gatnaşjak okuwçylarymyz:
“Oguzrobot” topary:
• Aýnagözel Keýmirowa (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
• Oraznyýaz Rejepow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
• Nepesaly Täçmyradow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
• Nuraly Kerimow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
• Nazar Jumamyradow (Aşgabat şäheriniň şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy)
“Erjeller” topary:
• Dürdäne Kurbanowa (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
• Arslan Babajyýew (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
• Orazmuhammet Merdanow (Aşgabat şäheriniň şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy)
• Meýlis Baýryýew (Aşgabat şäheriniň şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy)
• Pirnazar Ataýew (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy)
Ýaş inženerlerimiz bu halkara ýaryşa paýtagtymyzdaky “Kämil bilim” okuw merkezinde doly taýýarlyk gördüler.
Ýatlap geçsek, mekdep okuwçylarymyz Astanada geçirilýän bu halkara bäsleşige geçen ýylda ilkinji gezek gatnaşyp, “Halkara üstünlik” baýragyna mynasyp bolmagy başardylar. Bu ýyl ýurdumyzdan iki toparyň gatnaşmagy ýaşlarymyzyň tehnologiýa bolan gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygynyň subutnamasydyr.