Türkmenistan özüniň ägirt geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerinden, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyndan we şöhratly taryhyndan ugur alyp, ägirt uly ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirýär. Döwletimiz öz ykdysady nusgasyny emele getirmek bilen, ony dünýä hojalygyna girizmek arkaly milli bähbitlerimizi goramagy özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitleýär. Netijede, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen senagat döwletine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlara görä, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2026-njy ýylyň maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, üstümizdäki ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy, maýa goýumlar 6 göterim artdy. Iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi. Bu ykdysady görkezijiler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini görkezýär.
Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak Türkmenistanyň söwda ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Diýarymyzyň içerki bazarynda haryt dolanyşygynyň barha artdyrylýan möçberi halkyň abadançylygynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli söwda ulgamynda bölek we lomaý söwdany dolandyrmaga, alyjylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen döwrebap sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Eziz Diýarymyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Dükanlarda, şol sanda internet söwda dükanlarynda sanly ulgama degişli häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, harytlarymyzyň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda hem degişli işler amala aşyrylýar.
Baýramtäç ORAZTAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF









