Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösýän döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça uly işler alynyp barylýar. Bulardan biri hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany mundan durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin kesgitlenen netijeli bank ulgamynyň ösdürilmegidir. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan we dürli ykdysady hadysalary başdan geçirýän döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde bolsa bank ulgamynyň ähmiýeti ulydyr.
Bank ulgamynda alnyp barylýan işler ykdysadyýetiň ösüşine, önümçiligiň netijeli alnyp barylmagyna, dolanyşyk we sarp edişe öz oňyn täsirini ýetirýär. Banklar býujet, salgyt, nyrhlary emele getirmek, girdejiler syýasatyny alyp barmak we daşary ykdysady gatnaşyklary gurnamakda hem kadalaşdyryjy häsiýeti bardyr. Şonuň üçin hem ýurduň ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ulgamyň netijeli işleýişi ähmiýetli işleriň biridir. Häzirki wagtda banklar öz hyzmatlaryny has-da giňeltmek bilen müşderilerine dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýärler.
Ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleriniň ençemesi ornaşdyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary, şeýle hem «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere mysal hökmünde jemgyýetçilik awtobuslarynyň petekleri üçin tölegleri, poçta, söwda we jemgyýetçilik iýmiti, aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý, jemagat hyzmatlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlarynyň, awtoulag ýangyjy, tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy üçin tölegleri, karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini tölemek we beýlekileri görkezmek bolar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň degişli karz edaralary tarapyndan «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlary arkaly ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi.
Mundan başga-da ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty hem ýerine ýetirilýär. «Cash-back» bank hyzmaty bank amallarynyň hilini kämilleşdirmäge, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmäge, karz edaralary tarapyndan müşderileri banka çekmäge giň mümkinçilik berýär. Banklar tarapyndan bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler.
Sanly bank hyzmatlarynyň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanylmagyna işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňaýly goşant goşar.
Gadam Täçmuhammedow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.