UEFA Çempionlar Ligasynda “Ýuwentus”, “Mançester Siti” toparylary 90-njy minutda ýeňşi elden giderdi. Ispaniýada “Wilýarrealyň” myhmany bolan “Ýuwentus” Mikautadzeniň 18-nji minutdaky goluna Gatti hem-de Konseýsaunyň gollary bilen jogap berdi. Ýöne 90-njy minutda Weiganyň goluna çäre tapyp bilmän meýdançany 1 utuk bilen terk etmeli boldy.

“Mançester Siti” hem myhmançylykda “Monako” bilen duşuşyp, Holannyň 15-nji we 44-nji minutda geçiren gollary esasynda 2-1 öňe saýlandy. Holann 50-nji duşuşygynda 51-52-nji gollaryny geçirdi. Ol geçen tapgyrda 50 gola iň çalt ýeten futbolçy bolupdy. Duşuşygyň 90-njy minutynda eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs uran angliýaly Erik Daýer iňlis klubunyň ýeňşine böwet boldy.