“Mançester Ýunaýtediň” meşhur ýarymgoragçysy karýerasyny “Premier Liganyň” başga bir toparynda – “Aston Willada” dowam eder. Ruben Amorimiň tälimçi bolmagyndan soň, esasy düzümiň daşynda galan 27 ýaşyndaky hüjümçi “Aston Willa” bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine ylalaşyk gazandy. “Aston Willa” Reşfordyň aýlygynyň 75 göterimini tölär. Möwsümiň ahyrynda-da ony 40 million funt sterling berip, satyn almak mümkinçiligi hem bar. “Mançester Ýunaýtedde” 9,5 möwsüm çykyş eden Reşford 426 oýunda 138 gol geçirdi. Ol şu möwsümde APL-de 15 oýunda meýdança çykdy (4 gol). Ol “Aston Willada” 10-njy belgide oýnar.