1982-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Pittsburg şäherindäki Karnegi-Mellon uniwersitetiniň professory Skott Falman elektron hat alşylanda “iki nokat-kese çyzyk-ýaý” yzygiderliginden 🙂 ýylgyrmagy aňladýan şekil (smaýlik belgisi) hökmünde peýdalanmagy teklip edýär. Häzirki wagtda bu ýylgyrýan şekiliň ýüzlerçe görnüşi bolup onlaýyn sözhbetdeşliklerde giňden ulanylýar.

Falmanyň aýtmagyna görä, bu ýylgyrýan şekil ilki başda zerurlyk üçin ulanylypdyr. Şol wagtlarda ABŞ-daky ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň arasynda döwrebap internetiň ilkinji görnüşi hasaplanýan ARPANET arkaly elektron ýazyşmak mümkinçiligi peýda bolupdyr. Döwrebap habarlaşmak üçin bildirişler tagtasy işläp taýýarlanypdyr. Bu ýerde islendik alym öz makalasyny goýup bilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerde ylym bilen baglanyşygy bolmadyk makalalar hem peýda bolup başlapdyr. Bildirişler tagtasynda özara maslahat edipdirler. Emma iş bilen baglanşykly meseleler bilen gyzyklanýan işgärler garym-gatym bolan makalalaryň haýsylarynyň işe degişlidigini ýa-da degişli däldigini tapawutlandyrmakda kynçylyk çekipdirler. Şol sebäpli, iş bilen baglanşygy bolmadyk makalalary tapawutlandyrmaga kömek edýän belgä zerurlyk döräpdir. Falman öz işdeşlerine iki nokat, kese çyzyk we ýapylýan ýaýyň kömegi bilen ýylgyrýan şekili, açylýan ýaý bilen bolsa gamgyn şekili teklip edipdir. Professoryň pikirine görä, bu şekilleriň kömegi bilen makalalary tapawutlandyrypdyr. Smaýligiň grafik teswiri bolsa has öňräk ýagny, 1963-nji ýylda peýda bolupdyr. Amerikaly suratkeş Harwi Boll işçileriň keýpini götermek üçin hyzmat edýän “bagtly keşbi” döretmek boýunça ätiýäçlandyryş kompaniýasyndan sargyt alýar. Boll bu wezipäni 10 minutuň dowamynda ýerine ýetirýär: ol sary reňkli tegelegiň içine iki nokatdan ybarat göz we ýylgyrýan agzy çyzypdyr.

Aýmyrat Hudaýberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.