Elekt­ron en­jam­la­ry­na ba­gyş­la­nan dün­ýä­niň il­kin­ji ser­gi­si 9-njy ýan­war­da baş­la­ýar. ABŞ-nyň Ne­wa­da şta­tyn­da­ky Las-We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek «CES 2024» (Con­su­mer Electro­nic Show) ser­gi­si 12-nji ýan­wa­ra çen­li do­wam eder. Iri göz­den ge­çi­ri­li­şe dün­ýä­niň 150-den gow­rak ýur­dun­dan 1200-den gow­rak teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ser­gi­de di­ňe elekt­ron en­jam­lar we prog­ram­ma­lar däl, eý­sem, «ýa­şyl» önüm­çi­li­ge de­giş­li tä­ze­lik­ler hem gör­ke­zi­ler. Ola­ryň ara­syn­da iý­mit we oba ho­ja­lyk ga­lyn­dy­la­ry­ny çig mal hök­mün­de gaý­ta­dan peý­da­lan­ma­ga de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­lar hem bar. Şeý­le hem ser­gi­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ça­ga we­lo­si­pe­di, ba­tyl­lar üçin ses­li buý­ruk­la­ry ber­ýän ha­sa, da­ky­nyl­ýan elekt­ron en­jam­la­ryň dür­li gör­nü­şi, se­na­ga­ta de­giş­li en­jam­lar we di­zaýn­lar, lo­gis­ti­ka pu­da­gy­na de­giş­li san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, dron­lar, elekt­ron söw­da üçin çöz­güt­ler, mo­bil oýun­lar, okuw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we beý­le­ki elekt­ron hem-de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan çöz­güt­ler tek­lip edi­ler.
Ro­bot­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­lar we eme­li aň hem ser­gi­niň esa­sy ugurlarynyň bi­ri bo­lar.

Ogul­jen­net MU­HAM­ME­DO­WA,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.