Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby geçen 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etrap hökmünde yglan edildi. Ýakynda ýurdumyzyň iň gowy etrabyna, ýeňijä – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň et­ra­byň ila­ty­na ibe­ren Gut­la­gyn­da bel­leý­şi ýa­ly, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by ýur­du­my­zyň gö­rel­de­li, nus­ga­lyk et­rap­la­ry­nyň bi­ri­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2023-nji ýyl­da et­rap­da gu­wan­dy­ry­jy iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Il­deş­le­ri­mi­ziň ýüz­ler­çe­si tä­ze gur­lup ulan­ma­ga ber­len ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na gö­çüp bar­dy­lar. Şöh­ra­ta bes­le­nen ýy­lyň ýa­zyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, et­ra­byň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de dö­re­di­len «Ga­raş­syz­lyk» ýa­şa­ýyş jaý top­lu­myn­da 4 gat­ly, her bi­ri 48 öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň bir­ba­da üçü­si, şeý­le-de 4 gat­ly, 40 öý­li ýa­şa­ýyş ja­ýy toý ru­hun­da ulan­ma­ga be­ril­di. Şol şan­ly gün­ler­dä­ki wa­ka et­ra­byň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 180-den gow­ra­gy­na ýo­ka­ry amat­lyk­ly öý­le­ri özün­de jem­le­ýän jaý­la­ra gö­çüp bar­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy.
Et­ra­byň bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da, sport ul­ga­myn­da hem ta­mam­la­nan ýyl­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Et­rap­da or­ta mek­dep­le­riň 46-sy, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň 21-si bo­lup, olar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­lim-ter­bi­ýä­niň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur al­nyp ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­di.
Ak bug­daý et­ra­by dün­ýä ta­ry­hyn­da örän seý­rek duş gel­ýän ir­ki eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň dö­rän ýe­ri­dir. Bu se­bit­de zäh­met­keş ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan ak bug­daý, ar­pa, köp san­ly gök-bak­ja ekin­le­ri, mi­we­li bag­lar ýe­tiş­di­ri­lip­dir. Änew­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, ir­ki dö­wür­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ak bug­da­ýyň dä­ne­le­ri­niň ta­pyl­ma­gy türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my dö­wür­de daý­han­çy­lyk­da uly üs­tün­lik­le­re ýe­ten­di­gi­ni gör­kez­ýär. Et­ra­byň çä­gin­de gur­lup, dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri ýe­tiş­di­ril­ýän ýy­la­dyş­ha­na­lar, mal­dar­çy­lyk top­lu­my, azyk önüm­le­ri kär­ha­na­la­ry, se­na­gat we ener­ge­ti­ka des­ga­la­ry, «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy, «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­sy ila­ty iş orun­la­ry hem-de ýo­ka­ry ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na (TÜRK­SOÝ) ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan ga­dy­my Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem Ak bug­daý et­ra­by­nyň üs­tün­lik­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki Ak bug­daý mu­ze­ýi özü­niň bi­na­gär­lik gur­lu­şy bo­ýun­ça baş­ga bir za­da meň­ze­dip bol­ma­jak as­ma­na uza­ýan al­tyn süm­mül bug­daý des­se­si­ni ýat­lad­ýar. Ol 2005-nji ýyl­da Aş­ga­bat­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de te­bi­gy be­lent­lik­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi Äne­we bar­ýan ýo­luň ýa­ky­nyn­da gu­rul­dy. Mu­ze­ýiň umu­my meý­da­ny 32 müň ine­dör­dül metr bo­lup, onuň 18 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak ýe­ri­ni ba­gy-bos­san­ly se­ýil­gäh tut­ýar. 3 gat­ly bi­na­nyň umu­my be­ýik­li­gi 21 metr­dir. Bu tä­sin bi­na­gär­lik kom­po­zi­si­ýa­sy mil­le­tiň ga­dym­dan gel­ýän gym­mat­lyk­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi­ni, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý mi­ra­sy­nyň türk­men hal­ky­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­me­gi­ni şöh­le­len­dir­ýär. Mu­ze­ýiň ser­gi za­lyn­da Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki düz­lük­de eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan b.e.öň­ki ga­dy­my Jeýtun VI-V we Änew IV–III müň­ýyl­lyk­lar­da me­de­ni­ýet­le­ri­ne de­giş­li oba­lar­dan, ta­ry­hy­ny b.e.öň­ki III asyr­dan alyp gaý­dan ga­dy­my Par­fi­ýa şa­ly­gy­na hem-de or­ta asyr­la­ryň dür­li dö­wür­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan ta­ry­hy ga­la­lar­dan we de­pe­ler­den ta­py­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň tä­sin nus­ga­la­ry gör­ke­zil­ýär. Bu hem ga­dy­my me­ka­nyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar.
Bir dö­wür­ler gül­läp ösen şä­her­dir kent­le­ri özün­de jem­län Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gi hä­zir­ki dö­wür­de hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di.

Nur­ja­han RAH­MAN­BER­DI­ÝE­WA,
Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.