Her ýylda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda gowşurylýan «Prix Versailles» binagärlik baýraklarynyň eýeleri mälim edildi. Emin agzalary tarapyndan geçen ýylyň iň gowy aeoroporty baýragyna Hytaýyň Ýantaý Penlaý Halkara howa menzili mynasyp boldy. Bu baýraklar 2015-nji ýyldan bäri berilýär. Bu sanawda köp ýyldan bäri Singapuryň Çangi aeroporty birinji bolup gelýärdi. Bu gezek birinjilik baýragyna mynasyp bolan Ýantaý Penlaý howa menzilinde täze açylan «Terminal 2» binasy owadan dizaýny, daşky gurşawa zyýansyz gurluşy, ýerli medeniýeti we tebigaty birleşdirmegi netijesinde emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolupdyr. 2024-nji ýylda ulanmaga berlen terminal şäheriň dag manzaryny şöhlelendirýär. Ikinji ýeri Fransiýanyň Marsel Prowens howa menzili (Terminal 1) eýeledi. Terminalyň beýikligi 22 metre ýetýän äpet aýna diwarlary daşarynyň şöhlesini geçirip, içerde tebigy ýagtylygy emele getirýär. Üçünji ýeri Fransiýanyň Reýunýon adasynyň Rolan Garros aeroporty eýeleýär. Madagaskar adasynyň gündogarynda, Hindi ummanyndaky adada ýerleşýän howa menziliniň gelýän ýolagçylar terminaly daşky gurşaw üçin zyýansyz infrastrukturasy bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, sanawa Ýaponiýanyň Osaka Kansaý, ABŞ-nyň Portlend hem-de San-Fransisko Halkara howa menzilleri girizilipdir. «Prix Versailles» baýraklary bilen ýokary okuw mekdepleriniň şäherjikleri, stadionlar, muzeýler, myhmanhanalar we restoranlar hem sylaglanýar. Ýeňijilere baýraklar ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda gowşurylýar.
Mergen Kulmyradow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
PDF









