Germaniýada geçirilen “Altyn rul 2021” (Goldenes Lenkrad-Golden Steering Wheel) baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. “Ýylyň iň owadan awtoulagy” baýragyna “Audi e-tron GT” modeli mynasyp boldy. Iň owadan ulagy “Auto Bild” žurnalynyň hem-de “Bild am Sonntag” gazetiniň okyjylarynyň ses bermeginde kesgitlendi. Okyjylary 12 kategoriýada 70-e golaý täze modele ses beripdirler. Baýrak gowşurylyş dabarasy Berlindäki “Axel-Springer-Haus”-da geçirildi. Germaniýanyň “Audi” kompaniýasy 2026-njy ýyldan başlap diňe elektrik energiýasy bilen işleýän modellerini hödürlemegi maksat edinýär. Baýraga mynasyp bolan ulag “Audi”-niň elektrik hereketlendirijili naýbaşy modeli bolar.