«Rolls-Royce»-iň «La Rose Noire Droptail» ulagy 2025-nji ýylyň iň kaşaň we iň gymmat awtoulagy hasaplanýar. Bahasy 32 million amerikan dollaryna barabar bolan owadan ulagdan bary-ýogy dört sanysy öndürildi. 1600-den gowrak agaç bölekleri bilen bezelen bu awtoulag owadan daşky görnüşi bilen tapawutlanýar. Fransuz dilinden terjime edilende «Gara gül» diýen manyny berýän bu ulag ultra-lýuks görnüşe eýedir. Üçegi açylyp-ýapylýan (kabriolet) 2 orunlyk «La Rose Noire Droptail» awtoulagy Fransiýada ösýän gara bakkara bägülünden ylham alnyp bezelipdir. Daşky bezegi we içki salony gara-gyzyl öwüsýän ulagyň yzky kapotynyň üsti «gül sepilen ýaly».
Gabarasy ugleroddan, polatdan we alýuminden işlenip düzülen kaşaň ulag 563 at güýjüne eýe. 12 silindrli, hereketlendirijisiniň göwrümi 6,75 litrlik «La Rose Noire Droptail»-iň uzynlygy 5,3 metre, ini 2 metre barabar. Bu kaşaň ulagy işläp taýýarlamak üçin 4 ýyl gerek bolupdyr. «La Rose Noire Droptail»-den başga-da «Rolls-Royce»-iň «Phantom», «Spectre» ulaglary hem-de BMW-niň «i7 M70» elektroulagy iň kaşaň we gymmat ulaglar hasaplanýar.
PDF









