“SpaceX” kompaniýasy 2021-nji ýylyň soňky uçuşyny amala aşyrdy. Kosmos pudagynda iş alyp barýan hususy kompaniýa bolan “SpaceX” “CRS-24” atly missiýany amala aşyrdy. “Falcon 9” raketasy bilen Halkara Kosmos Stansiýasyna “Dragon” gämisi bilen ýük iberildi. Şeýlelikde, kompaniýa şu ýylyň başyndan bäri 31 kosmos uçuşyny amala aşyrdy. Geçen ýyl bu görkeziji 26 bolupdy.
Soňky ýyllarda kompaniýa kosmosa adamly uçuşlary hem amala aşyrýar. Şeýle hem “SpaceX” “Starlink” atly taslamanyň çäklerinde Ýer ýüzüni gönüden-göni kosmosdan internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Häzire çenli bu maksatnamanyň çäklerinde 1000 töweregi emeli hemra Ýeriň aşaky orbitasyna çykaryldy.
Kompaniýa kosmosy hemmeler üçin elýeterli etmegi hem maksat edinýär. Munuň üçin her bir raketa orbita uçurylandan soňra Ýere dikligine gondurylyp, gaýtadan ulanylýar. Kompaniýa ilkinji gezek alty ýyl ozal raketany Ýere gondurypdy. Bu günki uçuşda bolsa, bu iş 100-nji gezek ýerine ýetirildi. Kuwwatly “Falcon 9” raketalar belli bir belentlige çykandan soňra deňizde goýlan ýörite platforma gondurylýar. Soňra gaýtadan ulanylýar. Bu bolsa ep-esli derejede harajat tygşytlamaga ýardam edýär.
Ogulnur Haýydowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň talyby.