Şu günler ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2026-njy
ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň şygarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen çäreler geçirilýär.

Ýur­du­myz­da her ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak bo­ýun­ça asyl­ly dä­bi do­wam et­dir­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýy­lyň şy­ga­ry­ny yg­lan et­di. Tä­ze ýy­ly­myz «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy hem-de onuň ny­şa­ny ka­bul edil­di. Tä­ze ýy­lyň şy­ga­ry ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň mi­ze­mez­li­gi­ni, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lygyň hal­ka­ra de­re­je­­de yk­rar edi­len­di­gi­ni, türk­men hal­ky­nyň be­lent mak­sat­la­ry­ny we ösüş ýo­lun­da­ky yna­my­ny özün­de jem­le­ýär. Şy­gar­da­ türkmen bedewi hal­ky­myzyň mil­li buý­san­jy­nyň, gaý­ra­ty­nyň we ösü­şe ok­gun­ly­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de şöh­le­len­di­ril­ýär.
Häzirki wagtda dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler, ga­za­nyl­ýan ösüş­ler ýur­du­my­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re atar­ýar. Ýur­du­myz­da at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek, aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny­ny art­dyr­mak, ola­ryň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar.
«Hä­zir­ki dö­wür­de dür­li ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni sak­la­ýan we ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän jem­gy­ýet­le­riň, mer­kez­le­riň sa­ny az däl. Ýö­ne iň aras­sa gan­ly be­dew­ler ahal­te­ke at­la­ry­nyň asyl me­ka­ny bo­lan türk­men top­ra­gyn­da bar» di­ýip bel­le­ýän Gahryman Arkadagymyz ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn ga­dyr goý­mak bi­len, bedewlerimiziň şan-şöh­ra­ty­ny tu­tuş dün­ýä äş­gär et­di.
Türk­me­nis­tan­da mil­li at­çy­lyk sun­ga­ty­ny go­rap sak­la­mak, onuň göz­ba­şy müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän baý däp­le­ri­ni do­wam et­dir­mek, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bu ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­kyn­da Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­ly­na Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy. Hal­ka­ra fes­ti­wal­da bu to­pa­ra sirk sun­ga­ty­na uly go­şan­dy üçin Bü­tin­dün­ýä sirk fe­de­ra­si­ýa­sy hem-de Ýew­ro­pa Sirk as­so­sia­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra şa­ha­dat­na­ma­laryň gow­şu­ryl­magy 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» di­ýen şy­ga­ry­nyň maz­mu­ny­ny baý­laş­dy­ryp, oňa aja­ýyp öwüş­gin çaý­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ki­tap­la­ry ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň äh­li gat­lak­la­ry üçin wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň nus­ga­sy bo­lup dur­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz», «Ga­da­my bat­ly be­dew», «At-da we­pa-da bar, sa­pa-da» at­ly ki­tap­la­ryn­da ýel­den ýüw­rük be­dew­ler ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. Bu ki­tap­la­ryň ýaş­la­ryň ara­syn­da has iç­gin öw­re­nil­me­gi üçin ta­gal­la edil­ýär.

Dürnabat BAÝLAKOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.