6-njy sentýabrda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.
Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen döredijilik bäsleşigi Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň toplumyna badalga berdi. Ýaş zehinleriň bu gözden geçirilişi köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetimizde uly gyzyklanma eýe boldy. Medeni çäreleriniň baş maksady Watanymyzyň ähli künjegindäki umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň zehinlerine goldaw bermekden, çeper höwesjeňligi ösdürmekden, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmekden, ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň milli sungatymyza söýgüsini artdyrmakdan ybaratdyr.
Ýaş artistleriň iň zehinlileri saýlama tapgyrlary geçip, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. «Türkmeniň ak öýi» binasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sungat baýramçylygyna öwrülen jemleýji konserti boldy.
Çagalar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň joşgunly aýdym-sazlary eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr. «Siziň şirin sazlaryňyz, ajaýyp aýdymlaryňyz täsin gözellik dünýäsidir. Bagtyýar döwrümizi, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerimizi dabaralandyrýan sungat eserleridir» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar hem-de täze gözlegler üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekde milli sungatymyzyň şöhratyny belende göterjek «ýyldyzjyklar» — aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary bilen eziz Watanymyzy, onuň geçmişini we ajaýyp şu gününi, zähmetsöýer halkyny, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada ýaşajyk türkmenistanlylara bagtyýar çagalygy bagyş edýän beýik döwletiň keşbi janlandy. Dabara gatnaşyjylar öz zehinleri we täsin döredijilik ylhamy bilen köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdiler.
Owadan bezelen sahnada iň gowy çykyşlaryň onlarçasy — aýdym-sazly çykyşlar, halk döredijilik eserleri we häzirki zaman mukamlary ýerine ýetirildi.
Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Maksat ogly Maksadow, Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýkäbe Şöhratmyradowna Allalyýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jumamuhammet Serdarowiç Serdarow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerem Hangeldiýewiç Hangeldiýew, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulbahar Pirgulyýewna Hojaberdiýewa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikowiç Begendikow, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Selim Döwranowiç Berdiýew dagylar bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy.