Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Zenan ýolbaşçylaryň forumy geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Baýramgül Orazdurdyýewa we Bahar Seýidowa, şeýle hem ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň zenan ýolbaşçylary we dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen daşary ýurtly zenan ýolbaşçylary gatnaşdy.

Rabab Fatima çykyşynda birnäçe mysallar getirip, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birliklerinde hem dürli ugurlarda zenanlaryň işjeň iş alyp barýandyklaryny aýdyp geçdi.

 

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzda zenanlaryň goýýan hormat-sarpanyň ýokarydygyna ünsi çekip, olaryň hukuklarynyň kanun taýdan goralýandygyny dürli mysallar bilen belläp geçdi. Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misned we beýleki zenan ýolbaşçylar dünýäde zenanlara berilýän ähmiýetiň yzygiderli artýandygyny nygtadylar.

Forumyň ikinji böleginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misned we beýleki ýurtlaryň wekilleri çykyş etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa forumda eden çykyşynda Türkmenistanda zenanlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, zenanlaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda döwlet edaralarynda wekilçilik edýändiklerini belledi.

Oguljahan Atabaýewa forumda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Oguljahan Atabaýewa bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna açykdyklaryny belläp, bu ugurda halkara tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi.

Kataryň döwlet sekretary Marýam bint Ali ben Naser Al-Misned zenanlara goýulýan maýa goýumlaryň halklaryň bagtly durmuşyna goýulýan maýa goýumdygyny aýtdy.

Umuman, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan Zenan ýolbaşçylaryň forumy dünýäde gender deňligine berilýän ähmiýetiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Bu ýygnagyň maksady öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin çäreleri kesgitlemek, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin aragatnaşyk we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Forum öz işini ertir dowam etdirer.