Türkmenabat şäheriniň “Şanly” toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Çärjew etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň, şeýle-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Zenan zeminiň görki” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölümüniň, bilim ulgamynyň işgärleri, kümüş saçly enelerimiz, dürli ýaşdaky zenanlarymyz gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ata-babalarymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, nurana ýüzli enelerimize, derek boýly zenanlarymyza, gül-gunçalara deňelýän gyzlarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň önümçiligiň ähli pudaklarynda erkek adamlar bilen deň hatarda asylly zähmetleriň asyl nusgalaryny görkezip, zähmet çekip gelýändikleri dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Zähmetde tapawutlanan zenanlarymyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolýandyklary hakynda gürrüňler edildi. Şeýle-de gaýtalanmajak gözelligi çydamlylygy, wepadarlygy bilen tanalýan behişdi bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşan bolup ilimize dolan bedew ýylynyň aýratynlyklary dogrusynda edenler çykyşlar bolsa, baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan aýal-gyzlaryň ençemesine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazly dabaranyň esasy maksady ojaklarymyzyň öçmez otlary hasaplanýan kümüş saçly enelerimize, derek boýly zenanlarymyza goýulýan sarpany wagyz etmekden ybarat boldy.
Nasiba Durdybaýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.
PDF









