Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulýar. Zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda Halkara zenanlar gününi giňden dabaralandyrýan halkara bileleşigiň bir bitewüliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň edaralarynda, kärhanalarynda, ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş düzümlerinde enelere, gelin-gyzlara bagyşlanan dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşurylar.
Aýal-gyzlar, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky alada, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, hakyky gender deňligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban enelerimizi, zenanlarymyzy sarpalamak, çagalary terbiýelemekde hem-de köpasyrlyk taryhyň dowamynda kemala gelen maşgala ojaklarynyň abadançylygyny saklamakda olaryň eýeleýän ornuna aýratyn hormat goýmak halkymyzyň ajaýyp ýörelgesidir. Olaryň häzirki döwürdäki bagtyýar durmuşy halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlary dürli ulgamlarda özleriniň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Türkmenistanyň zenanlary – täze taryhy eýýamy döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler bolup, milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Erkek adamlar bilen deň hatarda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýärler, telekeçilik işlerini alyp barýarlar, Watanymyzyň ägirt uly gazananlaryna uly goşant goşýarlar.
Türkmen zenanlaryna görk-görmegi, eli çeperligi, mähremligi, edalylygy, wepadarlygy, hamraklygy bolluk bilen eçilen tebigat olara egsilmez güýç-gaýrat, kuwwat beripdir. Agraslygy, akyllylygy ilkinji nobatda goýýan ata-babalarymyz zenanlar üçin altyn çaýylan şaý-sepleri ýasapdyrlar.
Ene ýüreginiň mähri, ene eliniň ýylysy, enäniň şirin hüwdüsi ynsanyň kalbyna baky ornan gymmatly mukaddeslikdir. Enäniň päk kalbyndan çogup çykýan hüwdüsi mähir söýgüsidir, ýürek mukamydyr. Zenan ýüreginden çykýan alkyşlar has üýtgeşik bolýar. Ol alkyşlar, arzuwly sözler ynsan ýüregini kökerýär. Milletimiziň ulusy-kiçisi zenan sözüniň gudratly güýjüne belent sarpa goýýar.
Eneler we çagalar baradaky alada, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim kuwwatyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gujagy bahar-ýazly, aýdym-sazly, döwletli-döwranly, güneşli Diýarymyzda öý-ojagyň eýesi bolan zenanlara goýulýan sarpa uludyr. Barlygymyzyň gül görkli zenanlary, siziň nurdan doly nurana, owadan ýüzüňiz elmydama ýylgyryp dursun!
Ýurdumyzyň aýal-gyzlary döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda ähli şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Gurbansoltan ANNAMURADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.