Häzirki wagtda biz internet ulgamy arkaly söwda edýäris, işe awtoulagly gatnaýarys we öýde tehnologik enjamlary ulanýarys. Taryha ser salanyňda, ylmy we tehnologik oýlap tapyşlarda zenanlaryň hem mynasyp paýy bar. Wi-Fi-den başlap, awtoulagyň aýna süpürgijine çenli möhüm zatlary zenanlar oýlap tapypdyr. Geliň, meşhur inžener zenanlar we olaryň oýlap tapan zatlary bilen tanyş bolalyň!
Wi-Fi. Häzirki döwürde işjeň ulanylýan simsiz interneti – Wi-Fi tehnologiýasyny 1940-njy ýyllarda awstriýa-amerikan aktrisasy Hedi Lamarr işläp düzýär. Golliwudyň meşhur ýyldyzy hökmünde tanalýan Lamarr hem sungat işgäri, hem-de oýlap tapyjydyr. Ilkibaşda Wi-Fi harby aragatnaşyk üçin döredilýär. 1990-njy ýyllaryň başynda internetiň peýda bolmagy bilen, bu tehnologiýa has-da kämilleşdirilýär. 2000-nji ýyllarda smartfonlaryň we internete birigýän beýleki elektron enjamlaryň köpçülikleýin ulanylyşa goýberilmegi bilen bolsa, Wi-Fi-iň gerimi has-da giňeýär.
Gap-gaç ýuwujy maşyn. Oýlap tapyjy Jozefina Kokreýn her gezek el bilen gap-gaçlary ýuwanda, farfor jäçleriň döwülmeginden ýadaýar. Şeýlelikde, amerikaly zenan
1880-nji ýyllarda gap-gaç ýuwujy maşyny oýlap tapýar. Çalt we howpsuz çözgüt hasaplanýan bu oýlap tapyş häzirki zaman gap-gaç ýuwujy maşynlaryň esasyny goýýar. Aşhananyň aýrylmaz bölegine öwrülen bu enjam Demirgazyk Amerikada we Günbatar Ýewropada has köp ulanylýar.
Awtomobiliň aýna süpürgiçleri. Howanyň ýagynly we sowuk günlerinde awtoulagyň hereket etmegi üçin iň zerur bolan bu enjamy amerikaly zenan Meri Anderson oýlap tapýar. Meri Anderson 1903-nji ýylda ýönekeý gurluşa eýe bolan, awtomobiliň aýnasyny süpürmek üçin niýetlenen tutawaçly rezin çotgany işläp düzýär. Aýnanyň ýüzünde ikiýana hereket edýän bu enjam wagtyň geçmegi bilen awtoulagyň bir bölegine öwrülýär.
Kewlar (ýuka örme tanap). 1964-nji ýylda Stefani Kwolek gorag esbaby bolan sowutdan başlap, howa ulaglaryna we kosmos enjamlaryna çenli köp ýerde ulanylýan ýuka örme tanapy oýlap tapýar. 1970-nji ýylda köpçülikleýin önümçiligine başlanan kewlar polat ýüpden (tros) 5 esse berk hasaplanýar. Ýeňil we örän berk bolan bu material harby ulgamda we senagatda uly özgerişlik döredýär. Şeýlelikde, gorag başgaplarynda, awtoulagyň kemerinde we ýük uçarlarynda örme tanapdan peýdalanylyp başlanýar. Amerikaly himigiň sintetik süýümden taýýarlan ýuka örme tanapy daga dyrmaşyjylaryň hem iň ygtybarly ýüpi hasaplanýar.
Kagyz torba. Gündelik durmuşda giňden ulanylýan kagyz torbalary Margaret Eloiza Naýt oýlap tapýar. Aslynda, amerikaly zenan 1968-nji ýylda awtomat usulda kagyzdan halta tikýän maşyny işläp düzýär. Şeýlelikde, dörtburç kagyz haltajyklar söwda we nahar sargytlary üçin ulanylyp başlanýar. Margaret tikin maşynyna meňzeş kagyz torba öndürýän bu enjamdan başga-da, aýakgap enjamy, belgileýji maşyn we içinden otlanýan hereketlendiriji ýaly 27 sany oýlap tapyş üçin patent alýar.
PDF









