Tomus paslynyň gelmegi bilen syýahatçylaryň sany has-da köpelýär. Adamlaryň aglaba bölegi deňiz kenarlaryna dynç almaga gidýän bolsa, köpler salkyn şäherlere, obalara gezelenje gidýär. Soňky ýyllarda Aziýa yklymynda ýerleşýän şäherlerdir deňiz kenarlary hem jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär. Bu ugurda Bangkok, Kuala-Lumpur, Dubaý, Gonkong ýaly şäherler we Singapur, Tailand, Mýanma, Indoneziýa, Filippinler ýaly ada ýurtlary öňdeligi eýeleýär. 2024-2025-nji ýyllaryň syýahatçylyk hasabatyna görä, Aziýa yklymynda syýahatçylaryň sany boýunça Tokio öňdeligi eýeleýär. Tomus paslynda iň köp syýahat edilýän bu şäher Şanhaý, Seul, Pekin we Singapur ýaly şäherlerden öňe saýlanýar.
XVII asyrdan ozal Edo ady bilen tanalan Tokio ilkibaşda balykçylyk şäherçesi bolupdyr. Tokio 1869-njy ýylda resmi taýdan Ýaponiýanyň paýtagty diýlip ykrar edilenden soň gülläp ösüp başlaýar. Ýurduň iň köp ilatly şäheri bolan Tokioda 14 milliondan gowrak adam ýaşaýar. 2 müň 194 inedördül kilometr meýdany tutýan bu şäher ykdysady taýdan ösen gurluşa eýe bolup, metal işläp bejermekde, himiýa senagatynda, tehniki enjamlary öndürmekde we nebiti gaýtadan işlemekde öňdäki orny eýeleýär. Elektronika senagaty taýdan ösen şäherleriň biri bolan Tokio «neon yşyklaryň şäheri» ady bilen hem tanalýar.
Çygly we salkyn howaly bu şäher subtropik howa guşaklygynda ýerleşýär. Tokioda tomsuna howa 20-23 derejede saklanýar. Şäherde iň yssy aý awgust aýy bolup, howanyň temperaturasy 27 derejä ýetýär. Tokio her ýyl 30 milliondan gowrak myhman barýar. Futuristik şäherde syýahatçylar we myhmanlar üçin dürli dynç alyşlar hem-de gyzykly güýmenjeler hödürlenýär. Tokionyň iň owadan ýerleriniň sanawynda «Tokio Skytree» ýaýlym we gözegçilik diňi öňdeligi eýeleýär. Ýaponiýanyň iň beýik gurluşy bolan bu binanyň beýikligi 634 metre ýetýär.
Tokionyň köçelerinde gezelenç edip ýöräp barşyňa ýol ugry moda dükanlaryna, söwda merkezlerine, kitaphanalara gözüň düşýär. Ueno seýilgähi şäheriň iň meşhur ýeri bolup, bu ýerde ýapon sungatyna ýöriteleşdirilen ýurduň iň uly muzeýi bolan Tokio milli muzeýi ýerleşýär. Mundan başga-da, seýilgähdäki Günbatar sungat milli muzeýi, Milli tebigat we ylym muzeýi, Ueno haýwanat bagy, Şinobazu howzy şäheriň iň köp gelim-gidimli ýerleri hasaplanýar. Tokio Şinagawa akwariumy, Tokio deňiz durmuş seýilgähi, Güneş akwariumy we Sumida akwariumy ýaly äpet akwariumlary bilen hem meşhurdyr. Sumida derýasynyň kenarynda ýerleşýän bu şäheri gaýykly ýa-da gämili gezelenç edip, ýapon medeniýetine degişli gözellikleri, şäher tebigatyny ýakyndan synlap bolýar. Beýikligi 333 metre ýetýän Tokiodaky Eýfel diňiniň öýkünme nusgasy şäheriň iň owadan binalarynyň biri hasaplanýar.
Şäherde deňiz kenarynda dynç almagy halaýan myhmanlar üçin Kasai kenarýaka çäreleri guralýar. Köp sanly muzeýiň, sungat galereýasynyň we kitaphanalaryň jemlenen ýeri bolan bu şäherde halkara forumlar, sport ýaryşlary we estrada aýdymçylarynyň konsertleri hem guralýar. Tokioda elektron sport oýunlary iň meşhur güýmenje hasaplanýar.