22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Dip­lo­mat du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan­da Hin­dis­ta­na we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Drau­pa­di Mur­mu­nyň we Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ban­da­ru Wil­son­ba­bu­ny ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­len­me­gi my­na­sy­bet­li gut­lap, oňa iki ýur­duň ara­syn­da­ky kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len işin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň we ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag, bi­lim we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar öza­ra hor­mat goý­mak we bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­mek üçin berk bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­nyň gün ter­ti­bin­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öza­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, il­kin­ji no­bat­da, ener­ge­ti­ka we ulag pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň we onuň bi­len ugur­daş ulag ge­çel­ge­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Bu gel­je­gi uly tas­la­ma­lar se­bit­de ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün eder we gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne uly iter­gi be­rer.
Me­de­ni­ýet, bi­lim we ylym ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Hormatly Prezidentimiz hin­di di­li­ni öw­ren­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýaş­la­ry­my­zyň sa­ny­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­rin­de hin­di di­li­niň oka­dyl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň iki ýur­duň halk­la­ry­ny ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga we me­de­ni­ýet­le­ri öza­ra baý­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ban­da­ru Wil­son­ba­bu mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ýe­ne bir ge­zek ho­şal­lyk bil­di­rip, iki ýur­duň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.

* * *

Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Emi­ra­tes Na­tio­nal Oil Com­pa­ny (ENOC)» hem-de «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň baş­ly­gy Sa­id Al Ta­ýe­ri, şeý­le hem «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Ab­dul­ka­rim Al Ma­az­mi­ni ka­bul et­di.