Ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Munuň özi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň we ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. 1 million tonnalyk sepgidi eýelän gallaçy kärendeçileriň orak möwsüminde alyp barýan işleriniň depginleri birjik-de peselmeýär.
Häzirki döwürde ähli welaýatlarda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy oba hojalyk ekini bolan bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we saklanmagyna berilýän ünsüň örän uludygyny görkezýär. Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi ekerançylaryň ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge bolan höwesini artdyrýar.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edilýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredilendir. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara getirilýär. Gazanylan üstünligi berkitmek üçin galla meýdanlaryndaky işleriň depginini gowşatmazlyk ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynamy pugtalandyrýar.
Daýhanlaryň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipelere üstünlikli amal edilmegi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgady bolar.