Azerbaýjanyň “Garabag” topary öz meýdançasynda “Nýukasly” kabul edip, uly hasap bilen asgyn geldi. 6-1 hasabynda utulan “Garabagyň” derwezesinden gollaryň 4-sini (2-si 11 metrlik jerime urgusyndan) Antoni Gordon geçirdi. Ol 3-nji, 32-nji (p), 33-nji hem-de 45+1-nji (p) minutlarda tapawutlandy. Antoni Gordon Çempionlar Ligasynyň çäginde 1 duşuşygyň 1-nji ýarymynda 4 gol geçiren 2-nji futbolçy bolup, ondan öň 2014/15 möwsüminde “Şahtýor Doneskiň” braziliýaly ýyldyzy Luiz Adriano şeýle statistikany gazanypdy. Duşuşykda “Nýukaslyň” beýleki gollaryny Malik Tşaw bilen Jeýkob Mörfi öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýer eýeleri geçirden 6 golunyň diňe biriniň öwezini Jafargulyýewiň takyk urgusy bilen dolmagy başardy. Bu netijeden soň, “Nýukaslyň” 1/8 finaldaky 6-njy iňlis topary boljakdygyny bellesek ýalňyş bolmaz.
PDF









