Niderlandlaryň “GoVolta” demir ýol kompaniýasy geljek ýylyň martyndan başlap, Amsterdam-Berlin aralygynda arzan bahaly gatnawy ýola goýar. Hepdede üç gün gatnajak otlynyň petekleri ilkinji 100 ýolagça 10 ýewrodan satylar. Petekler eýýäm satlyga goýuldy. Amsterdam-Berlin (sişenbe, penşenbe, ýekşenbe) we Amsterdam-Hamburg (duşenbe, çarşenbe, anna) şäherleriniň arasynda ýola goýuljak syýahatyň petekleri ilkinji ýüzlüge girip bilmedik ýolagçylar üçin hem o diýen gymmat bolmaz. “GoVolta” petegiň bir tarapynyň bahasynyň ortaça 30 ýewro boljakdygyny mälim edýär. Tomus aýlarynda başlap ýokarda agzalan iki ugurda hem gündelik gatnaw ýola goýlar. Her otly 820 orunlyk bolar. 2026-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap, Pariže hem gatnaw ýola goýlar. Otlular ýokary tizlikli bolmaz. Mysal üçin, aralygy 650 km töweregi bolan Amsterdam-Berlin aralygynda syýahatyň dowamlylygy 8 sagada golaý bolar.
PDF









