Tähran konwensiýasynyň güýje giren güni – 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde yglan edildi we şondan bäri her ýylyň 12-nji awgusty Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Russiýa, Eýran ýaly Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Her ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­rin­de Ha­zar deň­zi­niň gü­nü­niň bel­le­nil­me­gi­ne se­bäp bo­lan Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa, ýag­ny Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy­na bol­sa 2003-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Ha­zar deň­zi­niň gur­şa­wy­ny go­ra­mak mak­sa­dy bi­len bäş sa­ny Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan gol çe­kil­di we 2006-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da güý­je gi­ri­zil­di.
Ha­zar deň­zi­niň meý­da­ny 371 müň ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, onuň iň çuň ýe­ri 1025 met­re, ke­nar­ýa­ka çy­zy­gy­nyň uzyn­ly­gy bol­sa 7000 ki­lo­met­re deň­dir. Ha­zar deň­zi de­mir­ga­zyk­dan gü­nor­ta 1200 ki­lo­metr uzap gi­dip, onuň or­ta­ça ini 320 ki­lo­metr ha­sap­lan­ýar. Deň­ze 130-dan gow­rak der­ýa öz su­wu­ny guý­ýar. Onuň çä­gin­de ow­nuk­ly-iri­li ada­la­ryň 50-ä go­la­ýy ýer­leş­ýär.
Ha­zar deň­zi­niň bio­dür­lü­li­gi we bu ýer­de duş gel­ýän jan­ly or­ga­nizm­ler öz­bo­luş­ly bo­lup, ola­ryň kö­pü­si­niň di­ňe şu ýer­ler­de duş gel­ýän­li­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp. Bek­re ba­lyk­la­ry­nyň dün­ýä go­ru­nyň 90 gö­te­rim tö­we­re­gi bu ýer­de jem­le­nen­dir. Ha­zar­ýa­ka se­bi­tin­de guş­la­ryň 300-den gow­rak gör­nüş­le­ri duş gel­ýär. Se­bit­de guş­lar­dan baş­ga-da, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­la­ryň, süý­dem­di­ri­ji­le­riň we süý­re­ni­ji­le­riň köp gör­nüş­le­ri or­na­şan. Bu de­ňiz­de baş­ga hiç ýer­de duş gel­me­ýän Ha­zar düw­le­ni hem ýa­şa­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň daş­ky gur­şa­wy­ny go­ra­mak, onuň bio­lo­gik se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly hem re­je­li peý­da­lan­mak Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy ba­ra­da ýur­du­my­zyň aý­dyň we esas­lan­dy­ry­lan ga­raý­şy bar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, se­bit­de te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de, il­ki bi­len, Ha­zar se­bi­ti­niň öz­bo­luş­ly we gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy top­lum bo­lup dur­ýan­dy­gy ha­kyn­da­ky dü­şün­je­den ugur al­mak ge­rek. Bu top­lum bi­te­wi eko­lo­gik ul­gam bol­mak bi­len, Ha­zar deň­zi­ni, oňa guý­ýan der­ýa­la­ry, ke­nar­ýa­ka gi­ňiş­lik­le­ri­ni we beý­le­ki te­bi­gy des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ha­za­ryň te­bi­ga­ty, onuň bio­lo­gik se­riş­de­le­ri re­je­li we se­re­sap­ly çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär. Şo­nuň üçin Türk­me­nis­tan eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da äh­li Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň we gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni we he­re­ket­le­riň öza­ra saz­la­şy­gy­ny ga­zan­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýar.
Ýur­du­my­zyň goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry dür­li ugur­la­ry, şol san­da, Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy öz içi­ne al­ýar. Se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na de­giş­li Ha­zar me­se­le­sin­de Türk­me­nis­tan yzy­gi­der­li ga­ra­ýyş­la­ra eýer­ýär. Çün­ki, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, Ha­zar deň­zi dost­lu­gyň hem pa­ra­hat­çy­ly­gyň deň­zi­dir.
Ha­zar deň­zi, ýo­ka­ry teh­ni­ki re­surs­la­ra eýe­dir. De­ňiz­de uly möç­ber­de ne­bit we gaz baý­lyk­la­ry bar, bu bol­sa se­bit­de yk­dy­sa­dy ösü­şiň we hal­ka­ra ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi üçin esa­sy müm­kin­çi­lik­le­riň bi­ri­dir. Mun­dan baş­ga-da, Ha­zar deň­zi ke­nar­ýa­ka ýurt­lar üçin mö­hüm ulag ýo­lu­dyr. Ol, bu ýurt­la­ryň içer­ki se­bit­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär.
Ha­zar deň­zi, eko­lo­gi­ki, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan uly äh­mi­ýe­ti bo­lan aja­ýyp ýer­le­riň bi­ri­dir. Ol bir­nä­çe kyn­çy­lyk­lar bi­len ýüz­be-ýüz bo­lup bi­ler, em­ma do­wam et­di­ril­ýän ta­gal­la­lar we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bu mö­hüm çeş­mä­niň se­bit­dä­ki eko­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy­ýet üçin äh­mi­ýe­ti­ni art­dy­ryp, gel­jek ne­sil­ler üçin do­wam et­dir­mä­ge kö­mek ed­ýär.

Aý­gül Ba­ba­ýe­wa,
Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň kikboks boýunça tälimçi mugallymy.