Hytaýyň Fuszýan welaýatynda ýaşaýan Lin Şemunyň 1-nji ýanwar güni aradan çykandygy mälim edildi. Liniň resminamasynda onuň 1902-nji ýylyň 18-nji iýunynda dünýä inendigi bellenilýär. Şol hasap bilen Lin 122 ýyl 197 gün ýaşapdyr. 7 çagasy bolan Lin ömrüniň dowamynda ýykylyp aýagyny agyrdypdyr hem-de gözüne zeper ýetipdir. Onuň şulardan başga saglyk bilen bagly meselesi bolmandyr.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda dünýäniň iň uzak ýaşly adamsy Tomiko Itooka hasaplanýar. Ýapon zenany geçen ýylyň sentýabrynda dünýäniň iň adamy hökmünde hasaba alnypdy.