9-njy fewralda Ekwadorda prezident saýlawy geçirildi. Ýurduň raýatlary ir sagat 07:00-da ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp başladylar. Ýokary döwlet wezipesine 16 adam dalaş edýär. Esasy ýaryş ýurduň häzirki prezidenti Daniel Noboa bilen çepçi zenan dalaşgär Luisa Gonsalesiň arasynda barýar.
Saýlawda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgärleriň sesleriň azyndan 50 göterimini almagy ýa-da azyndan 40 göterim ses alnanda, iň ýakyn bäsdeşi bilen aratapawudyň 10 göterim bolmagy talap edilýär. Saýlawyň birinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç biri şeýle derejede ses alyp bilmedik ýagdaýynda 13-nji aprelde ikinji gezek saýlaw geçiriler. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, 65 ýaşdan uly raýatlar ses berip bilmeýär.