Syrykly bökmegiň ägirdi, şwesiýaly ýeňil atletikaçy Armand Duplantis ýene bir gezek öz rekordyny täzeledi. Ol Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen “World Athletics Continental Tour Gold” ýaryşynyň çäginde 6,29 metr beýiklige böküp, 13-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu onuň şu ýylyň dowamynda goýan 3-nji rekordy bolup, ol soňky sapar 15-nji iýunda Stokgolmda 6,28 metr beýiklige böküpdi.