Her ýylyň 14-nji marty Pi (“π”) sanynyň halkara güni hökmünde bellenilýär. Bu senäniň taryhy 1988-nji ýylda ABŞ-nyň San-Fransisko ştatyndaky ylmy muzeýinden başlanýar. Şol gün “Eksploratorium” “San Francisco Exploratorium” muzeýinde işleýän fizik Lerri Şaw we onuň işdeşleri 14-nji marty Pi güni hökmünde belleýärler.
Bu aňlatmanyň şu günde bellenmeginiň sebäbi ýylyň üçünji aýynyň 14-i bolmagydyr. Pi sany tegelegiň diametriniň uzynlygyna bolan gatnaşygy aňladýan matematiki hemişelikdir. San taýdan ol 3,14 bilen başlanyp, yzy üznüksiz, ýagny gutarmaýar. Hasaplamalarda köplenç bu sanyň bahasy ortaça 3,14 diýlip kabul edilýär. San şeýleräk dowam edýär: 3,141592653589793238462643383… Bu san matematika, geometriýa we fizika ýaly ylymlarda has köp peýdalanylýar. Şeýle hem 14-nji mart meşhur fizik Albert Eýnşteýniň doglan günüdir.
Dünýäniň ençeme ýurdunda bu sene matematikany söýüjiler, fizikler, alymlar tarapyndan bellenilýär. Bu güne bagyşlanyp, dürli çäreler, ýygnaklar, bäsleşikler geçirilýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligini bu hemişelik sanyň ylymda näderejede zerur bolan aňlatmadygyna düşünmäge özboluşly çagyryş bolup hyzmat edýär.