“Ouşeniň dostlary” – meşhur filmiň dowamy surata düşüriler

50

“Ouşeniň on biri” (Ocean’s Eleven) atly meşhur filmler toplumynyň hataryna ýene biri goşullar. Ady belli edilmedik täze filme Li Aýzek Çun režissýorlyk eder. Ol “Minari” (Minari, 2020) hem-de “Harasat” (Twister, 2024) filmleri bilen meşhurlyk gazanypdy. Täze ekran eserinde baş keşpleri Oskaryň dalaşgärleri aktýor Bredli Kuper bilen Margo Robbi janlandyrar. Robbi filmiň prodýuseri hökmünde-de çykyş eder. Bu gezekki wakalar Ýewropada, üstesine öňki kinolardakylardan ep-esli öň, 1960-njy ýyllarda bolup geçýär. Franşaýza täzelik girizilmegine garaşylýan nobatdaky ekran eseriniň ssenarisini Kerri Solomon ýazar. Täze filmiň haçan prokatlara çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.

Belli režissýor Stiwen Soderbergiň 2001-nji ýylda surata düşüren “Ouşeniň on bir dosty” filminiň şowly çykmagyndan soň 2004-nji ýylda “Ouşeniň on iki dosty”, 2007-nji ýylda bolsa “Ouşeniň on üç dosty” kinolary-da peýda bolupdy. Hatda bu franşaýzyň hataryna 2018-nji ýylda baş keşpde diňe aktrisalaryň surata düşen “Ouşeniň sekiz jorasy” atly kino hem goşulypdy.  Başdaky 3 film prokatlardan 1,1 milliard, 4-nji kino bolsa 300 million, jemi 1 milliard 422 million amerikan dollary möçberinde kassa ýygymyny gazanypdy.

Şeýle-de, golaýda franşaýzyň esasy 3 filminde baş keşpde surata düşen Jorj Kluni ýene-de köne toparyny jemläp, “Ouşeniň on dört dosty” filmini ekranlaşdyrmak maksatlarynyň bardygyny hem aýdypdy.