Ertir, has takygy, 16-njy sentýabrda UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň täze möwsümine badalga berler. Ilkinji hepdede diňe UEFA Çempionlar Ligasynyň duşuşyklary geçirilip, Ýewropa Ligasynyň 1-nji tapgyrynyň oýunlary 24-nji sentýabrda, Konferensiýa Ligasynyň 1-nji tapgyrynyň oýunlary-da 2-nji oktýabrda başlanar. Geçen möwsüm ilkinji gezek liga görnüşde geçirilip başlanan ýaryşyň bu formatdakysy umumylykda şowly ýagdaýda tamamlandy. Şol formatdaky 2-nji möwsümde esasan hem, Çempionlar Ligasynda gyzykly bolmagyna garaşylýan ýa-da uly klublaryň arasyndaky duşuşyklaryň sanynyň köplügi futbol janköýerlerini hasam özüne maýyl edýär. Futbol janköýerleri şol duşuşyklara tomaşa etmäge eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Çempionlar Ligasynyň 71-nji, Ýewropa Ligasynyň 55-nji, Konferensiýa Ligasynyň bolsa 5-nji möwsümi bolup, bu 3 ýaryşyň saýlama tapgyryna 150-den gowrak klub gatnaşdy. Geçirilen 400-den köp duşuşykdan soň 3 bäsleşigiň hersine 36, jemi 108 klub final tapgyrynda çykyş eder.  Şol 108 klub UEFA-nyň düzümindäki 55 ýurduň 39-syna wekilçilik eder. Geçen ýyl bu görkeziji 40-a deňdi. Şeýle-de, Malta UEFA-nyň klub ýaryşlaryna topar ugradan 52-nji ýurt boldy. Şu wagta çenli UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň final tapgyrynda ýa-da ozalky toparçalarynda 55 ýurduň diňe 3-siniň wekillerine çykyş etmek başartmady. Ýagny şu wagta çenli Andorranyň, San Marinonyň hem-de Garadagyň ýeke kluby-da UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň final tapgyryna gatnaşyp görmedi. San Marinonyň “Wirtus” topary şu möwsümde pleý-off tapgyryndan yzyna gaýtdy. Galan 52 ýurduň wekili, esasan hem Konferensiýa Ligasynyň esaslandyrylmagyndan soň futbol ligalary pesräk hasaplanýan ýurtlaryň klublary UEFA-nyň ýaryşynda özlerini görkezip başlady.

Çempionlar Ligasynda 16, Ýewropa Ligasynda 23, Konferensiýa Ligasynda bolsa 29 dürli ýurduň wekilleri özara bäsleşerler. Angliýa iň köp klub ugradan ýurt bolup, “Premier Liganyň” 20 klubunyň ýarysyna golaýy, ýagny 9-sy UEFA-nyň ýaryşlarynda çykyş eder. Çempionlar Ligasynda ilkinji gezek 1 ýurtdan 6 topar gatnaşyp, “Tottenham” Ýewropa Ligasynyň çempiony, “Nýukasl bolsa UEFA-nyň koefissentleriniň netijesinde ýaryşda oýnar. Ispaniýadan 8, Italiýadyr Germaniýadan hem-de Fransiýadan 7, Niderlandlardan 6, Portugaliýadan, Çehiýadan, Gresiýadan hem-de ähli topary-da Konferensiýa Ligasyna gatnaşýan Polşadan 4 klub çykyş eder.

Jemi 11 klub ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşyp, olar “Gou Ehed Iglz” Ýewropa Ligasynda, «Kristal Palas», «Drita», «Hamrun Spartans», «KuPS», «Raýo Wallekano», «Samsunspor», «Şelburn», «Şkendiýa», «Sigma Olomous», «Uniwersitatea Kraiowa” toparlary-da Konferensiýa Ligasynda çykyş ederler.

Çempionlar Ligasyna bolsa ozal UEFA-nyň beýleki ýaryşlaryna wekilçilik eden klublaryň 4-si ilkinji gezek gatnaşyp, olar “Kairat”, “Ýunion Sent-Žilliuaz”, “Pafos” hem-de “Bude-Glimt” toparlarydyr. UEFA Çempionlar Ligasyna (1992-nji ýyldan bäri) adyny ýazdyran klublaryň sany 158-e ýetdi.

Norwegiýanyň çempionlary 17 ýyllyk arakesmeden soň bu ýaryşa goşular. Häzirki wagtda Norwegiýanyň goňşusy Finlýandiýadan bu ýaryşa 27 ýyldan bäri ýeke topar hem gatnaşman, bu görkeziji antirekorda deňdir. Finlýandiýadan şu wagta çenli diňe HIK topary wekilçilik edip, şol klub hem 1998/99 möwsüminde gatnaşypdy.

Çempionlar Ligasynda 2005/06 möwsüminden bäri ilkinji gezek ukrain toparlaryna çykyş etmek başardanok. Ukrainanyň 2 öňdebaryjy toparlary bu gezek bagtyny Konferensiýa Ligasynda synap görerler we ikisi-de ýaryşyň çempionlygynyň esasy dalaşgärleriniň hataryna görkezilýär.

Çempionlar Ligasyna final tapgyryna “Real Madrid” bilen “Barselona” 30-njy gezek gatnaşyp, madridliler yzly-yzyna 29 möwsümden bäri çykyş edip gelýärler. “Bawariýa” bassyr 18-nji, umumylykda 29-njy gezek Çempionlar Ligasyna gatnaşar.

Angliýa
6
2
1
9
Liwerpul
Arsenal
Çelsi
Man. Siti
Tottenham
Nýukasl
Aston Willa
N. Forest
K. Palas
Ispaniýa
5
2
1
8
Real Madrid
Barselona
Atletiko
Atletik B
Wilýarreal
Selta
Betis
R. Wallekano
Italiýa
4
2
1
7
Napoli
Inter
Ýuwentus
Atalanta
Roma
Bolonýa
Fiorentina
Germaniýa
4
2
1
7
Bawariýa
Baýer
Aýntraht
Borussiýa D
Ştutgart
Fraýburg
Maýns
Fransiýa
3
3
1
7
PSŽ
Marsel
Monako
Nissa
Lill
Lion
Strasbur
Portugaliýa
2
2
0
4
Sporting
Benfika
Porto
Braga
Niderlandlar
2
3
1
6
PSW
Aýaks
Feýenoord
Gou Ehed Iglz
Utreht
AZ Alkmaar
Belgiýa
2
1
0
3
Ýunion Sent-Žilluaz
Klub Brýugge
Genk
Türkiýe
1
1
1
3
Galatasaraý
Fenerbahçe
Samsunspor
Daniýa
1
1
0
2
Kopengagen
Midtýullann
Gresiýa
1
2
1
4
Olimpiakos
Panatinaikos
PAOK
AEK Afiny
Norwegiýa
1
1
0
2
Bude-Glimt
Brann
Çehiýa
1
1
2
4
Slawiýa Praga
Wiktoriýa Plzen
Sparta Praga
Sigma Olomous
Kipr
1
0
2
3
Pafos
AEK Larnaka
Omoniýa
Gazagystan
1
0
0
1
Kairat
Azerbaýjan
1
0
0
1
Garabag
Awstriýa
0
2
1
3
RB Salsburg
Şturm Gras
Rapid Wien
Şweýsariýa
0
2
1
3
Bazel
Ýang Boýz
Losanna-Sport
Şotlandiýa
0
2
1
3
Seltik
Reýnjers
Aberdin
Şwesiýa
0
1
1
2
Malmö
BK Haken
Serbiýa
0
1
0
1
Srwena Zwezda
Horwatiýa
0
1
1
2
Dinamo Zagreb
Riýeka
Rumyniýa
0
1
1
2
FKSB
Uniwersitatea Kraiowa
Wengriýa
0
1
0
1
Ferenswaroş
Ysraýyl
0
1
0
1
Makkabi T.
Bolgariýa
0
1
0
1
Ludogores Razgrad
Polşa
0
0
4
4
Rakuw
Legiýa
Ýagelloniýa
Leh Poznan
Ukraina
0
0
2
2
Dinamo Kiýew
Şahtýor Donesk
Irlandiýa
0
0
2
2
Şamrok Rowers
Şelburn
Malta
0
0
1
1
Hamrun Spartans
Finlýandiýa
0
0
1
1
KuPS
Kosowo
0
0
1
1
Drita
Bosniýa
0
0
1
1
Zrýinski Mostar
Gibraltar
0
0
1
1
Linkoln Red Imps
D. Makedoniýa
0
0
1
1
Şkendiýa
Ermenistan
0
0
1
1
Noa
Slowakiýa
0
0
1
1
Slowan Bratislawa
Sloweniýa
0
0
1
1
Selýe
Islandiýa
0
0
1
1
Breidablik