Ýerli şerpa taýpasyndan bolan Taşi Gýalsen on bäş günde dört gezek Ewereste çykmagy başardy. 30 ýaşly nepally Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyny aldy. Alpinizmiň taryhyna Jomolungma gerşine günorta tarapdan geçen ýylyň 9, 14, 19 we 23-nji maý günlerinde jemi dört gezek münen daga dyrmaşyjy hökmünde girdi diýip, “The Himalayan Times” neşiri habar berdi.
Taşi Gýalsen birinji gezek 9-njy maýda Ýeriň iň beýik nokadyna ýol açmak üçin gorag urganlaryny çekýän toparyň düzüminde çykdy. Bäş günden soňra ol belentlige ýeke özi, 19-njy maýda ýolbeletlik eden müşderisi bilen bilelikde, iň soňky gezek hem ýeke mündi.
Gýalsen bu rekordynyň diňe bir özi üçin däl, eýsem, taýpadaşlary üçin hem bagtly pursat bolandygyny aýtdy.