Şwesiýanyň çempionaty “Allsvenskan”-da möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda çempion belli boldy. 1500 töweregi ilaty bolan Hallewik şäherçesiniň “Mýalbýu” topary taryhyndaky ilkinji çempionlygyny baýram etdi. 27-nji tapgyrda myhmançylykda “Gýoteborg” toparyny Ýakob Bergströmiň (21) hem-de Tom Petterssonyň (28) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Mýalbýu” utugyny 66-a çykaryp, 2-nji ýerdäki “Hammarbýudan” 11 utuk öňe saýlandy. Şeýlelikde, “Mýalbýu” topary taryhynda ilkinji gezek Şwesiýanyň çempiony bolup, olar geljek möwsümde 2-nji saýlama tapgyryndan başlap, UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar.
1939-njy ýylyň 1-nji aprelinde esaslandyrylan klub 2019-njy ýylda ýokary liga çykypdy. Topara Anders Torstensson tälimçilik edýär.
“Mýalbýu” topary 101 ýyllyk çempionatda çempionlyk gazanan 17-nji topar hökmünde hasaba alyndy.
Çempionatda iň köp çempionlyk gazanan klub “Malmö” bolup, olaryň 27 gezek ýaryşy iň çür depede tamamlamagy başardylar. “Gýoteborg” hem-de “Norrkoping” toparlarynyň 13, “Ýurgorden” toparynyň 8, “Helsinborgyň” 7, AIK we “Elfsborg” klublarynyň-da 6 çempionlygy bar.