Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Arsenal” soňky 3 oýunda 7 utuk ýitirdi (2 deňlik, 1 ýeňliş). Öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” bilen duşuşan “Arsenal” “Emirates” stadionynda şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Çekeleşikli geçen oýunda “Ýunaýtediň” gollaryny Mbemo, Dorgu hem-de Mateus Kunýa, ýer eýeleriniň gollaryny bolsa Martines (ö.d.) bilen Merino derwezä girizdi. Mankunianlar Maýkl Kerrigiň tälimçiliginde yzly-yzyna 2 güýçli garşydaşyny ýeňmegi başardy. Goragda az ýalňyşlyk goýberýän “Arsenal” 122 oýundan soň ilkinji gezek bir duşuşykda 3 gol geçirtdi.
“Mançester Siti” öz meýdançasynda “Wulwerhemptondan” Marmuş hem-de Semenýonyň gollary esasynda üstün çykdy.
“Aston Willa” hem şol hasap bilen myhmançylykda “Nýukasly” ýeňmegiň hötdesinden geldi. Duşuşykda gollary Buendia bilen Watkins derwezeden geçirdi.
London derbisinde “Çelsiniň” myhmançylykda “Kristal Palasy” 3-1 hasabynda ýeňen tapgyrynda “Liwerpul” 90+5-nji minutda ýeňlişe sezewar boldy. “Bornmutdan” 3-2 hasabynda asgyn gelen soňky çempiona Wan Deýk bilen Soboslainiň gollary ýeňşe ýetmedi.
23-nji tapgyryň netijeleri:
West Ham – Sanderland: 3-1 (Sammerwill 14, Bowen 28 p, Fernandeş 43 – Brobbi 66),
Börnli – Tottenham: 2-2 (Tuanzebe 45, Foster 76 – Wan de Wen 38, Romero 90),
Mançester Siti – Wuwerhempton: 2-0 (Marmuş 6, Semenýo 45+2),
Fulham – Braýton: 2-1 (Çukwueze 72, Wilson 90+2 – Aýýari 28),
Bornmut – Liwerpul: 3-2 (Ewanilson 28, Himenes 33, Adli 90+5 – Wan Deýk 45, Soboslai 80),
Brentford – Nottingam Forest: 0-2 (Žesus 12, Awonýi 80),
Kristal Palas – Çelsi: 1-3 (Riçards 88 – Estewao 34, Žoao Pedro 50, Fernandes 64 p),
Nýukasl – Aston Willa: 0-2 (Buendia 19, Watkins 88),
Arsenal – Mançester Ýunaýted: 2-3 (Martines 29 ö.d., Merino 84 – Mbemo 37, Dorgu 51, Mateus Kunýa 87)
Ewerton – Lids (şu gije)
PDF









