Fransiýanyň Milli Assambleýasy (Parlamentiň aşaky palatasy) 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial mediany gadagan edýän kanun taslamasyny oňlady. Kanun ýurduň Ýokary palatasyndan hem geçen ýagdaýynda Awstraliýadan soňra şeýle gadaganlygy girizen ikinji ýurt bolar.
Duşenbe güni Fransiýanyň Milli Assambleýasyndaky kanun çykaryjylar 15 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial mediany ulanmagyny gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etdiler. Kanun taslamasyna 116 deputat oňyn, 23 deputat garşy ses berdi. Kanun taslamasy indi parlamentiň ýokarky palatasy bolan Senata iberiler.
Ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron gadaganlygy goldap, bu çäklendirmäniň çagalary we ýetginjekleri ekranyň öňünde köp wagt geçirmekden goramak üçin zerurdygyny aýtdy.
Kanun taslamasynda 15 ýaşdan kiçi çagalary sosial ulgamlardan we giň platformalarda ýerleşdirilen “sosial ulgam funksiýalaryny” gadagan etmek teklip edilýär. Şeýle-de bolsa, ol onlaýn ensiklopediýalary we bilim platformalaryny öz içine almaýar. Platformalar ýaş ýetginjekleriň elýeterliligini çäklendirmek üçin ýaşy tassyklaýan netijeli mehanizmleri ornaşdyrmaga borçly ediler.
Şeýle hem bu kanun başlangyç synplarda smartfonlara girizilen gadaganlygy orta synplary hem öz içine aljak derejede giňeldýär.
Täze düzgüniň geljek okuw ýylyndan başlap güýje girmegine garaşylýar.
Golaýda Awstraliýada hem şeýle düzgün ýola goýlupdy.
Bilermenler jemgyýetçilik torlarynyň çagalaryň ösüşine we ruhy saglygyna ýaramaz täsiri barada howatyrlanýarlar. Fransiýanyň jemgyýetçilik saglygyny gözegçilik edýän ANSES guramasy golaýda “TikTok”, “Snapchat” we “Instagram” ýaly platformalaryň ýetginjeklere, esasan hem, gyzlara birnäçe zyýanly täsirleriniň bardygyny aýtdy.