Şu günden başlap, Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalara jemgyýetçilik torlaryndan peýdalanmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Şeýlelikde, Awstraliýa jemgyýetçilik toruna girmegi kanun taýdan gadagan eden dünýäniň ilkinji ýurdy boldy. Täze düzgüne görä, “Facebook”, “Instagram”, X, “Youtube”, “Snapchat” we “TikTok” ýaly 10 sany meşhur jemgyýetçilik tory platformalary 16 ýaşyndan kiçileriň akkauntlaryna elýeterliligi togtatmaly bolar. Çagalaryň täze akkaunt açmaklary hem çäklendiriler. Bu düzgüni bozan jemgyýetçilik tory platformalaryna 49,5 million awstraliýa dollary (33 million amerikan dollar) möçberinde jerime salnar. Ýurduň Hökümeti, ilkinji nobatda, jemi 10 platformanyň sanawyny ýaýratdy. Täze jemgyýetçilik torlarynyň peýda bolmagy ýa-da alternatiw platformalaryň ulanylmagynyň hem öňüniň alynmagy maksady bilen sanaw giňeldilip bilner. Awstraliýada az sanly ulanyjysy bolan ýurduň internetiň howpsuzlygyna baha berýän “eSafety” edarasy tarapyndan “az töwekgelçilikli” diýlip baha berlen “Bluesky” atly platformanyň ady gadagan edilenleriň sanawynda ýok. Şeýle-de bolsa, platforma 16 ýaşyndan kiçilere degişli bolan gadagançylyk baradaky düzgüni amal etjekdiklerini mälim etdi.
Awstraliýanyň Hökümet başlygy Entoni Albaniz çagalara we ýetginjeklere wideo arkaly ýüzlenip, “Geljekki dynç alyş möwsüminden netijeli peýdalanyň. Telefon bilen oýnamagyň deregine, täze bir sport görnüşi bilen gyzyklanyň, täze bir saz guralyny çalmagy öwreniň ýa-da uzak wagtdan bäri tekjede duran kitaby okaň!” – diýdi. Hökümetiň bu düzgüni ýaşlary goldaw bermek maksady bilen çykarandygyny aýdan Albaniz, “…Has hem ähmiýetlisi, dostlaryňyz we maşgalaňyz bilen wagt geçiriň! – diýip belledi.