Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Liwerpul” myhmançylykda “Nýukasl” bilen duşuşyp, 90-njy minutdan soň geçiren goly esasynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda “Liwerpul” Grawenberhiň 35-nji minutda geçiren goly esasynda öňe saýlandy. 45+3-nji minutda “Nýukasldan” Antoni Gordon gyzyl kart alyp, toparyny kyn ýagdaýa saldy. Üstesine 46-njy minutda, entek Arne Slot ýerine hem gelip ýetişmänkä, täze transfer Ekitike “Liwerpulyň” 2-nji goluny geçirdi. Ýöne 1 oýunçy kemdigine, hatda 2-0 yzda barýandygyna garamazdan, ruhdan düşmedik “Nýukasl” topary 90-njy minutdan öň hasaby deňlemegi başardy. 57-nji minutda Gimaraýns, 88-nji minutda-da Osula tapawutlandy. Duşuşygyň 90+10-njy minutynda garşylyklaýyn hüjümde “Liwerpul” ýeňiş goluny geçirdi. Bu goly 90+6-njy minutda oýna giren 16 ýaşyndaky Rio Ngumoa öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Liwerpul” täze möwsümiň ilkinji 2 duşuşygynda-da 2 gol geçirdip, ýeňşini soňky minutlarda gazanmagyň hötdesinden geldi.