ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogynda toparçalardaky 3-nji duşuşyklara badalga berildi. Deňlikde gutaran oýunlarda 12 gol hasaba alyndy.
“A” toparçadaky oýunlar edil 1-nji duşuşyklar ýaly deňlikde tamamlandy. Maýami Gardens şäherinde “Inter Maýami” Braziliýanyň “Palmeiras” topary bilen duşuşdy. Amerikanlar duşuşykda Allendeniň (15) hem-de Luis Suaresiň (65) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne sambaçylar soňky 10 minutda 2 gol geçirip, hasaby deňlemegi başardylar. Hasaby deňlän gollary 80-nji minutda Paulinio bilen 87-nji minutda Maurisio geçirdi. Bu deňlik 2 toparyň hem peýdasyna bolup, “Palmeiras” 1-nji, “Inter Maýami” 2-nji orny eýeledi we ýaryşy dowam etdirerler.
Toparçadaky beýleki oýunda “Porto” bilen “Al-Ahliniň” arasyndaky oýunda 8 gol hasaba alynsa-da ýeňiş gazanan bolmady. “Porto” topary “Al-Ahliniň” hüjümçisi Abu Aliniň het-trigine her gezek jogap berdi. “Al-Ahli” topary umumylykda 4 gezek öňe geçse-de, “Porto” her gezek hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi. Portugallaryň 4-nji goly 89-njy minutda hasaba alyndy. Netijede duşuşyk 4-4 hasabynda deňlik tamamlandy (Mora 23, Gomeş 50, Samu 53, Pepe 89 – Abu Ali 15, 45+2 p, 51, Ben Romdane 64).