Häzirki wagtda möwsüme şowly başlan “Liwerpul” şowsuz günleri başdan geçirýär. Soňky 7 oýnuň 6-synda utulan APL-niň çempiony transfer möwsüminiň iň işjeň toparydy. Ýagny transfere iň köp maýa goýan topar bolupdy.
Toparyň düzüminde käbir oýunçylaryň şikesli ýa-da şowsuz çykyş etmeginden soň tälimçi Arne Slot Liga Kubogynyň 1/8 final duşuşygynda “Kristal Palasyň” garşysyna oýnan Amara Nallo 67-nji minutda oýna girdi. Ol 79-njy minutda-da gyzyl kart alyp, meýdançadan kowuldy. 18 ýaşyndaky goragçy “Liwerpulyň” köýnekçesi bilen 2-nji gezek meýdança çykyp, ol şolaryň 2-sinde hem gyzyl kart aldy.
Ol şu ýylyň 29-njy fewralynda Çempionlar Ligasynyň çäginde PSW bilen bolan duşuşykda hem 83-nji minutda oýna girip, 87-nji minutda-da gyzyl kart aldy. Mahlasy, bu ýaş goragçynyň “Liwerpuldaky” karýerasy gyzyl kartlar bilen başlady. Ol 2 duşuşykda oýna girip, meýdançada bary-ýogy 16 minut galyp, 2 gyzyl kart aldy. Ýene bir geň zat hem şol duşuşyklaryň 2-siniň hem aýyň 29-yna bolmagydyr. Ýagny ol 29-njy ýanwarda hem-de 29-njy oktýabrda oýnan duşuşyklarynda gyzyl kart aldy.
PDF









