Gresiýanyň çempionaty Super Ligada çempion belli boldy. Pleý-off tapgyrynyň çäginde, 27-nji tapgyrda sanawyň lideri “Olimpiakos” topary öz meýdançasynda AEK toparyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 55-nji minutda El-Kaabi öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, ispaniýaly Hose Luis Mendilibaryň tälim berýän “Olimpiakos” topary 2 möwsümlik arakesmeden soň 48-nji gezek ýurduň çempionlygyny gazandy. Soňky 2 möwsümde AEK bilen PAOK-yň çempion bolan çempionatynda pireýliler 47-nji çempionlygyny 2022-nji ýylda gazanypdylar. 2000-nji ýyldan bäri diňe 6 möwsüm çempion bolup bilmedik “Olimpiakosdan” soň “Panatinaikos” kluby 20 çempionlyk bilen 2-nji ýerde barýar. “Panatinaikos” soňky gezek 2010-njy ýylda çempion bolupdy. 89-njy möwsümi tamamlanyp barýan Gresiýanyň çempionatynda AEK-iň 13, PAOK-yň 4, “Arisiň” 3 hem-de AEL-iň 1 çempionlygy bar.

Möwsümiň galanynda “Panatinaikos” 2-nji ýer üçin AEK hem-de PAOK bilen güýç synanyşar.

“Olimpiakos” topary geçen möwsümde UEFA Konferensiýa Ligasynyň çempiony bolupdy.