Kubogyň häzirki eýesi PSŽ myhmançylykda “Mançester Siti” bilen duşuşdy. Tapgyryň iň esasy üns merkezdäki bu oýnunda parižliler 1-nji ýarymda 13-nji minutda Dueniň, 15-nji minutda Dembeleniň hem-de 32-nji minutda Witinýanyň gollary esasynda 3-0 hasabynda öňe saýlandy. 53-nji minutda Holann aratapawudy azaltsa-da, 63-nji minutda Akliuş 4-nji pökgini şäherlileriň torundan girizdi. Oýnuň 75-nji minutynda Holannyň geçiren 2-nji goly “Mançester Siti” üçin ýeňşe ýetmedi. Erling Holannyň Çempionlar Ligasyndaky gollarynyň sany 61-e ýetip, oňa bu statistika eýe bolmak üçin 60 oýun ýeterlik boldy. Holanndan öň 60 gola iň çalt ýeten Messi bolup, ol 85 duşuşykda muny başarypdy. Şol bir wagtyň özünde Holann UÇL-de 60 gol salan iň ýaş oýunçy bolup, bu görkeziji boýunça-da Messiniň rekordyny öz adyna geçirdi. Çempionlar Ligasynyň iň netijeli oýunçy Kristiano Ronaldonyň 60 gola ýetmegi üçin 98 duşuşyk gerek bolupdy. Şeýle-de, Holann “Mançester Sitiniň” UÇL-däki iň köp gol geçiren oýunçysy bolup (38 gol), Serhio Agueronyň 37 gol rekordyny täzeledi.
Londonda “Şahtýor Donesk” bilen “AEK Afiny” duşuşyp, ukrain topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýunda grek topary Maýeriň 28-nji minutdaky goly bilen öňe geçse-de, doneskliler ilki 34-nji minutda Pedrinionyň 11 metrlik jerime urgusyndan salan goly esasynda hasaby deňledi. Duşuşygyň soňky 10 minutynda-da Winisius Tobiasyň hem-de Mendozanyň gollary bilen üstün çykan “Şahtýor” ilkinji ýeňşini gazandy.
PDF








