25-nji iýunda hindistanly, polşaly we wengriýaly kosmonawtlar taryhda ilkinji gezek Halkara kosmos bekedine barypdylar. “Crew Dragon” kosmos gämisi arkaly ýörite uçuş bilen NASA-nyň öňki kosmonawty Peggi Witson hem kosmosa çykypdy. Dört astronawt 20 günden soňra Halkara kosmos bekedindäki işini tamamlap, Ýere gaýdyp geldi. Üç ýurduň her biri bu taryhy uçuş üçin 65 million amerikan dollaryndan gowrak pul töledi. Astronawtlar Ýeriň dartyş güýjüniň bolmadyk şertlerinde dürli ylmy tejribeleri geçirmäge mümkinçilik aldylar, şeýle hem ýurduň ýolbaşçylary we öz ýurdundaky höwesjeň okuwçylar bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşdiler. NASA hususy kompaniýalar bilen bilelikde şeýle ylmy barlaglary has köp geçirmegi maksat edinýär. “SpaceX” ýaly hususy kompaniýalar tarapyndan işlenip taýýarlanýan raketalar kosmos uçuşlarynyň bahasynyň arzanlamagyna getirdi. Bu bolsa, has köp adamyň kosmosa çykmagyna mümkinçilik berdi.