«Samsung» kompaniýasy telewizor satuwyndan alýan girdejisinde 2006-njy ýyldan bäri dünýäde birinji orny saklap gelýär. Bazar barlaglaryny geçirýän «Omdia» kompaniýasynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda telewizor bazarynyň 30,1 göterimi «Samsung»-a degişli bolup, rekord derejä ýetipdir. Kompaniýanyň öndürýän ýokary durulykdaky QLED we OLED telewizorlary şeýle üstünlige ýetmegine goşant goşupdyr. Kompaniýa diňe öý we ofisler üçin däl, eýsem, açyk meýdanlarda, stadionlarda goýulýan has uly ekranlary hem öndürýär. Esasan, smartfon önümçiligi bilen tanalýan koreý brendi beýleki öndürijileri smartfon ekranlary bilen hem üpjün edýär.
Geçen ýylyň başynda önümçiligini ep-esli artdyran TCL hem-de «Hisense» kompaniýalary ikinji we üçünji orunlary eýeläpdir. LG hem-de «Walmart» ilkinji bäşlige giripdir.
Laçyn Ballyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









