15-nji few­ral­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy mu­ze­ýin­de 2022-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň iň go­wy et­ra­by diý­lip yg­lan edi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Mag­tym­gu­ly et­ra­by­na ýo­ka­ry sy­la­gy — ABŞ-nyň 1 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul baý­ra­gy­ny gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len bu bäs­le­şik ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek hem-de se­bit­ler­de ila­tyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len her ýyl ge­çi­ril­ýär.
Da­ba­ra­nyň köp san­ly myh­man­la­ry­ny mu­ze­ýiň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da teatr ar­tist­le­ri, sun­gat us­sat­la­ry, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry gar­şy­la­dy­lar. Ola­ryň taý­ýar­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýer­de ak öý­ler gur­nal­dy, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty eser­le­ri­niň, su­rat­la­ryň we ki­tap­la­ryň ser­gi­si gu­ral­dy. Da­ba­ra Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň, we­la­ýa­tyň hem-de et­ra­byň hä­kim­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, dür­li eda­ra-kär­ha­na­lar­dan önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry, oba zäh­met­keş­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler, jem­gy­ýet­çi­li­giň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ge­çen ýy­lyň ba­şyn­da we­la­ýat­la­ryň et­rap­la­ry­nyň we et­rap hu­kuk­ly şä­her­le­ri­niň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň et­rap­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri 10-njy few­ral­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de yg­lan edil­di.
Däp bo­lan bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­ýän ýö­ri­te to­par Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, gal­la we pag­ta ön­dür­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­mak ýa­ly esa­sy ugur­lar bo­ýun­ça ýy­lyň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan gör­ke­zi­ji­ler­den ugur al­dy. Ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­mek­de dur­muş ugur­ly me­se­le­le­riň çö­zü­li­şi­ne, şol san­da iş orun­la­ry bi­len üp­jün et­mek, me­de­ni dynç al­şy gu­ra­mak, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­ra­mak, hem­me­ta­rap­la­ýyn bi­lim­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Mag­tym­gu­ly et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi­ni ABŞ-nyň 1 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da Buý­ru­ga gol çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iň go­wy diý­lip yg­lan edi­len et­ra­byň ila­ty­na ibe­ren Gut­la­gyn­da: “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri my­na­syp go­şant goş­ýar” diý­lip bel­le­nil­ýär. Bu ba­bat­da Mag­tym­gu­ly et­ra­by­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri nus­ga­lyk­dyr. Bu ýer­de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022—2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na” hem-de Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek we ozal he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek, se­na­gat, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ryň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na uly taý­ýar­lyk gö­rül­ýän gün­ler­de türk­men hal­ky­nyň meş­hur şah­sy­ýe­ti­niň dog­duk me­ka­ny­nyň şeý­le ab­raý­ly de­re­jä eýe bol­ma­gy aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Ýyg­na­nan­lar Mag­tym­gu­ly et­ra­by­nyň äh­li ila­ty­nyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler. On­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi­ne et­ra­byň zäh­met­keş­le­ri­niň go­şan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­len­di­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da ýa­daw­syz ala­da­sy hem-de se­bit­ler­de hä­zir­ki za­man dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­züm­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek iş­le­ri­ne ägirt uly üns ber­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk be­ýan edil­ýär.
Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bol­dy.