Dünýäniň owadan şäherlerine, deňiz kenarlaryna we täsin adalara syýahata gidýänleriň sany barha köpelýär. Adamlaryň aglaba bölegi meşhur ýerlere, özüniň belet ýerlerine ýa-da arzuw edýän ýerine gezelenç etmegi kem görmeýär. Şeýle-de bolsa syýahatçylyk agentlikleri we syýahatçylyk žurnallary her ýyl syýahat edip boljak iň gowy ýerleriň sanawyny täzeden hödürleýärler. Geliň, 2025-nji ýylda syýahat etmek üçin iň gowy ýerleriň sanawy bilen tanyş bolalyň!
Alýaska, ABŞ. Dünýäniň iň sowuk sebitleriniň biri bolan Alýaskada her ýylyň mart aýynda meşhur itli tirkeg ýaryşy bolan «Iditarod Trail» geçirilýär. Ussat itçileri bir ýere jemleýän bu ýaryş 1600 kilometr aralykda geçirilýär. Bu ýaryşa ýerli halk bilen bir hatarda, syýahatçylar hem gatnaşýarlar. Sanki çekýän itleri ýakyndan synlamak ýygnananlarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. Myhmanlar bu ýerdäki 252 otagly «Wildbirch» myhmanhanasynda galyp, «Glacier Bay» milli seýilgähi we goraghanasynda, ýabany tebigatda, kenar ýakalarynda dynç alyp bilýärler. Alýaskadaky Hubbard buzlugy hem owadan peýzažy emele getirýär. Bu ýerde aýylary ýakyndan synlamaga mümkinçilik berýän «Kodiak Grizzly Bear» merkezi hem işleýär.
Kuba. ÝUNESKO girizilen medeni şäherleri, reňkli nusgawy awtoulaglary, aýdym-sazy, köçe tanslary we çalt gepleşýän ýerli ýaşaýjylary bilen tanalýan Latyn Amerika döwleti 2025-nji ýylda gezelenje gitmeli ýerleriň biridir. Ýurduň üçünji uly şäheri Kamagueýiň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp, soňra özüne çekiji Trinidada baryp bilersiňiz. Ýurduň paýtagty Gawana gitmezden ozal, Santa-Klara baryp, sütünler şäheriniň täsinliklerini synlap bolýar. Gawanada Halkara jaz festiwaly, Gawana Biennale sungat ýarmarkasy geçirilýär. Paýtagt şäherde XVIII asyrda gurlan kaşaň myhmanhana «Estansiýa Bohemiýada» dynç alyp bolýar.
Jerba adasy, Tunis. Afrikanyň iň gadymy oturymly ýerleriniň biri bolan Jerba adasynda 300-den gowrak metjidi bolan oba ýerleşýär. Jerba Ortaýer deňziniň iň uly adalarynyň biridir. Bu ýyl Jerba adasynda ilkinji gezek Bütindünýä ada aşhanasy festiwaly geçiriler. Festiwal dünýäniň dürli künjeginden gelen aşpezleriň gatnaşmagynda aýdym-saz we deňiz çäreleri bilen dowam eder. Festiwalda, esasan, zeýtundan we zeýtun ýagyndan tagamlar taýýarlanar. Jerba göm-gök suwlary, flamingolary we düýe sürüleri bilen meşhurdyr. Bu ýerde myhmanlar üçin ýerli binagärlik usulynda gurlan «Dar Dhiafa» myhmanhanasy ýerleşýär.
La Paz, Boliwiýa. Deňiz derejesinden 3300-4100 metr belentlikde ýerleşýän La Paz dünýäniň iň beýik şäheri hasaplanýar. Bu şähere uçarly baryp bolýar. Ispaniýa meýdany, Awaroa meýdany, Titikaka köli, Tiwanaku sütünleri, Kopakabana kenary şäheriň iň meşhur ýerleri hasaplanýar. Bu ýerde 4500 metr beýiklikde ýerleşýän dünýäniň iň howply ýoly «El Kamino de la Muerte» hem bar. La Paz XIX asyrda gurlan ybadathanalary, muzeýleri, reňkli bazarlary bilen görenleri haýran galdyrýar. Özüne çekiji ýerleriň biri bolan bu şäherde paçu balygyndan we karakara guşundan dürli tagamlar taýýarlanylýar.
Ngorongoro krateri, Tanzaniýa. Dünýäniň iň uly krateri bolan Ngorongoro 2-3 million ýyl ozal Tanzaniýada atylan wulkandan emele gelipdir.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Ngorongoro seýilgähiniň tutýan meýdany 8 müň inedördül kilometrden gowrak bolup, bu ýerde janly-jandarlaryň dürli görnüşi ýaşaýar. Krateriň töwereginde ýaşaýyş jaýlary bolup, bu ýere baran myhmanlar ýerli öýlerde galýarlar. Krateriň iň beýik nokady 500 metre ýetýär. Bu ýerde Ngorongoro kraterinden başga-da, gezelenç etmek üçin Serengeti milli seýilgähi, Kilimanjaro we Meru daglary, Manýara köli we Tarangire milli seýilgähi bar.
Palau. 500-den gowrak adany özünde jemleýän Palau owadan adalary, göm-gök suwlary we baý biodürlüligi bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Palaunyň iň köp ilatly adasy Koror bolup, köp adada adam ýaşamaýar. Ýuwaş ummanyndan syýahatçylyk gämileri arkaly baryp bolýan bu ýerde 11 sany kaşaň otagly «ýüzýän şypahana» bolan «Four Seasons Explorer» bar. Ýurduň iň uly adasy Babeldaob we Rok adasy medeni gezelençleri guramak üçin, syýahatçylaryň medeniýetli dynç almagy üçin iň gowy ýerler hasaplanýar. Häzirki wagtda Rok adasynda 50 otagly «Dört möwsüm» şypahanasynyň gurluşyk işleri dowam edýär.
Bulardan başga-da, 2025-nji ýylda syýahat etmeli ýerleriň sanawynda Nikaragua kenarlary, Farer adalary, Grenlandiýa, Wýetnamyň «Ho Chi Minh» şäheri, Perunyň Amazon tokaýlary, Hindistanyň Praýagraj şäheri bar.