13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Watanymyzda 2025-nji ýylyň şygary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli öňe sürüldi.
2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar.
Dabara sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň şanly wakalara aýratyn öwüşgin çaýýan çykyşlary bilen utgaşdy.