Bu gün 22-nji oktýabr. Sportuň taryhyna ser salanymyzda, şu gün 2 ussat derwezeçiniň, germaniýaly Bret Trautmannyň hem-de ähli zamanalaryň iň ökde derwezeçisi hasaplanýan Lew Ýaşiniň hem doglan günleri. Galyberse-de mundan 71 ýyl ozal şu gün meşhur tälimçi Arsen Wenger hem dünýä inýär. Bulardan başga-da, tennisiň 2 ägirdi – Andre Agassi bilen Şteffi Graf hem Las Wegasda durmuş toýuny edýär. 

1923 – Germaniýaly futbolçy, meşhur derwezeçi Bret Trautmann dünýä inýär.

1929 – Russiýaly meşhur futbolçy, ähli zamanalaryň iň ussat derwezeçisi hasaplanýan Lew Ýaşin dünýä inýär.

1949 – Fransiýaly meşhur tälimçi Arsen Wenger dünýä inýär.

1970 – Niderland futbolçysy Winston Bogard dünýä inýär.

1975 – Ispaniýaly futbolçy Miçel Salgado dünýä inýär.

2001 – Amerikaly tennisçi Andre Agassi germaniýaly tennisçi Şteffi Graf bilen Las Wegasda durmuş toýuny edýär.

2006 – Ispaniýaly F1 sürüjisi Fernando Alonso 2-nji gezek dünýäniň çempionlygyny gazanýar.