532-nji ýylda Wizantiýanyň Imperatory Ýustinian I Konstontinopol (häzriki Stambul) şäherinde täze Prawoslaw ybadathanasy boljak Keramatly Sofianyň (Hagia Sophia) düýbüni tutmaga gatnaşýar. Ymarat häzirki wagtda metjit we muzeý hökmünde hereket edýär.
1455-nji ýylda Iogan Gutenbergiň işläp düzen el bilen ýygylýan çap enjamy arkaly taýýarlanan ilkinji kitap ýaýradylýar. Şeýlelikde nemes oýlap tapyjysy Günbatarda ilkinji bolup çap enjamyny ulanyp başlaýar.
1854-nji ýylda Narynç Erkin Döwleti jar edilýär. Soňra ýurt Günorta Afrika Geňeşine birigýär. 1910-njy ýylda bolsa, welaýat hökmünde Günorta Afrika Respublikasynyň düzümine girýär. 1994-nji ýylda welaýatyň ady Fri-Steýt (Erkin döwlet) diýlip üýtgedilýär.
PDF









