Woleýbol boýunça Tailandda geçirilen zenanlaryň arasyndaky 20-nji Dünýä çempionaty tamamlandy. 17 günläp dowam eden ýaryşyň finalynda Italiýa bilen Türkiýäniň ýygyndylary duşuşdy. Ýeňiji 5 setde belli bolup, duşuşyk çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlandy.

1-nji setde italýanlar 25:23 hasabynda üstün çykdy. 2-nji setde türkiýeli woleýbolçylar 25:13, 3-nji setde italýanlar 26:24 ýeňiş gazandy. 4-nji setde Türkiýäniň ýygyndysy 25:19 üstün çykyp, umumy hasaby deňledi. 5-nji final setinde bolsa italýanlar 15:8 öňe saýlanyp, taryhynda 2-nji gezek Dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Italiýanyň ýygyndysy geçen ýylky Olimpiýa çempionlygynyň üstüni Dünýä çempionlygy bilen ýetirdi. Italiýanyň ýygyndysy mundan ozal, 2002-nji ýylda çempionlyk gazanypdy. Bu olaryň 3-nji finalybolup, italýanlar 2018-nji ýylda kümüş, 2022-nji ýylda-da bürünç medala mynasyp bolupdy. Italiýaly zenanlar 2006-njy we 2014-nji ýyllarda 4-nji orny eýeläpdi. Italiýanyň ýygyndysy 2 gezek çempionlyk gazanan 7-nji topar boldy.

Finalda italýanlardan köp utuk (105:98) alan hem bolsa setlerde 3:2 hasabynda asgyn gelen Türkiýäniň ýygyndysy ilkinji gezek kümüş medal gazanmagyň hötdesinden geldi.

Italýanlar finala çenli garşydaşlaryndan 3, türkler bolsa 2 setde asgyn gelipdi. Ýarym finalda Italiýa Braziliýany 3:2, Türkiýe bolsa Ýaponiýany 3:1 hasabynda ýeňipdi. Italiýanyň ýygyndysy 35 resmi duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Braziliýanyň ýygyndysy Ýaponiýanyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňip, 2014-nji ýyldan soň 2-nji gezek 3-nji orny eýeledi. Henize çenli çempionlyk gazanyp görmedik Braziliýa 4 gezek finalda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, italiýaly Alessia Orro saýlandy.

Çempionata ilkinji gezek 5 konfederasiýadan 32 ýygyndy gatnaşdy. Duşuşyklar ýurduň 4 şäherinde – Bangkok, Puket, Çiangmai, Nakhon Ratçasimada geçirildi.

Ilkinji gezek 1952-nji ýylda geçirilen zenanlaryň arasyndaky woleýbol Dünýä çempionatynda ozalky SSSR-iň ýygyndysy 5 gezek çempionlyk gazandy (1952, 1956, 1960, 1970, 1990). Ýaponiýadyr (1962, 1967, 1974) Kubanyň (1978, 1994, 1998) 3, Hytaýyň (1982, 1986), Italiýanyň (2002, 2025) Russiýanyň (2010, 2014) hem-de Serbiýanyň (2018, 2022) 2, şol sanda ABŞ-nyň (2014) 1 çempionlygy bar.