Halkara diplomatlar güni her ýylyň 24-nji oktýabrda bellenilýär. Ilkinji Halkara diplomatlar güni 2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Bangladeş, Fransiýa, Gana, Hindistan, Ysraýyl, Italiýa, Meksika, Günorta Afrika we Türkiýe diplomatlarynyň gatnaşmagynda bellendi. Braziliýa, Fransiýa we Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary hem 24-nji oktýabrda 2017-nji ýylda Lome şäherinde bellendi. Ikinji Halkara diplomatlar gününe Awstriýa, Hindistan, Braziliýa, Müsür, Gollandiýa, Zimbabwe, Şweýsariýa we beýleki ýurtlaryň diplomatlary gatnaşdy, Madagaskaryň paýtagty Antananariwo şäherinde üçünji Halkara diplomatlar gününi bellediler. Dördünji Halkara diplomatlar güni bütin dünýäde bellendi. Käbir ýurtlaryň diplomatlarynyň Milli diplomatlar gününi bellemek üçin öz günleri bar. Hindi diplomatlary 9-njy oktýabry Hindistanyň Daşary işler güni hökmünde belleýän bolsalar, Braziliýada 20-nji aprel diplomatlaryň güni hökmünde bellenilýär. Halkara diplomatlar gününi bellemek pikiri hindi diplomaty Abhaý K. tarapyndan dünýä parahatçylygyny goramakda möhüm orny eýeleýän her bir ýurduň diplomatlaryny ýatlamak üçin teklip edildi. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Braziliýada ilkinji Halkara diplomatlar gününi guraldy. Ikinji Halkara diplomatlar güni 2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda birnäçe ýurtdan gelen diplomatlaryň gatnaşmagynda Braziliýada we beýleki paýtagtlarda bellendi. Üçünji Halkara diplomatlar güni ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Afrika Bileleşigi, Hindistan, Günorta Koreýa, Alžir, Türkiýe, Russiýa, Müsür, Watikan we Şweýsariýa döwletleriniň diplomatlary tarapyndan bellenildi.
Bahar GAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
PDF









