ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndan demokrat senator Kori Buker taryhdaky iň uzak dowam eden çykyş rekordy täzeledi. Çykyş 25 sagat dowam edip, ol ýeke gezek hem dyz epmän gepledi. Ol 67 ýyl mundan öň Günorta Karolinadan senator Strom Termondyň goýan rekordyndan 50 minut köp gürledi.